Bilşimiz ýaly Türkmenistanda gullyga kabul edilşik möwsümi başlady. Ýigitlerimiziñ iñ uly aladalarynyñ biri hem şu bolsa gerek. Daşary ýurtda okap gelenler tizlik bilen diplomyny bilim ministrlygyna tassyklatmasa 1 ýyl dälde 2 ýyl gulluk borjyny berjaý etmeli bolýarlar. İndi diplomyñy tassyklatmak üçin özüñ aladasyny ir gözünden etmeseñ hiç kimiñ aladasyna hem däl. Göni 2 ýyl gulluk üçin çagyrybererler. Soňky ýyllar daşary ýurtda okayan talyplaryň sany köpelýär. Öñler daşary ýurtda okap gelen bolsañ tassyklamany şäher ýa-da oba jemgyýet merkezlerinde kömek berýärdiler, añsatlyk bilen aladasyz edip bolýardy indi beýle zat ýok. İndi has hem kynlaşan ýaly, tassyklamak 6- 7 aý ýaly uzak wagta hem çekip bilýär. Şul sebäpden hem ýetişmeýänler köp bolýar. Okuwyñy tamamlap geleniñden soñ göni gulluga çagyrmak bilen bolýalar, diplomyñ hem tassyklanmadyk bolsa 2 ýyl gulluk üçin özüñi taýýarlabermeli bolýar. Ondan başga-da diplomyñy tassyklatmak üçin talap edilýän bir topar dokumentler goşuldy.

Теги других блогов: Türkmenistan diploma gulluk